Turkmenportal logo
Düýn 17:36
64076407
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Geçen ýyl 33 müňden gowrak türkmenistanly Azerbaýjana syýahat etdi 

Geçen ýyl 33 müňden gowrak türkmenistanly jahankeşde Azerbaýjana syýahat etdi. Bu barada Azerbaýjanyň Döwlet statistika komitetiniň maglumatlaryna salgylanyp, «Report» ýazýar. 

2025-nji ýylda Azerbaýjana baran daşary ýurtly syýahatçylaryň 1,3 göterimi Türkmenistanyň paýyna düşýär. Şeýlelikde, Türkmenistan Azerbaýjana syýahat eden raýatlarynyň sany boýunça GDA ýurtlarynyň arasynda dördünji, Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda üçünji ýeri eýeledi.

Ýeri gelende ýatlatsak, mundan ozal geçen ýyl 370 müň türkmenistanlynyň Özbegistana syýahat edendigini habar beripdik.