Ermenistanyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan sosial torda özüniň saz toparyny döredendigini habar berdi. Saz topary «Warçabend» diýlip atlandyrylýar. Bu ermeni dilindäki «warçapet» («Premýer-ministr») we iňlis dilindäki «band» («topar») sözlerinden ýasalandyr.
Saz toparynyň ilkinji çykyşy 30-njy ýanwarda Ýerewan şäherinde bolar.
2026-njy ýylyň 19-njy ýanwarynda Paşinýan saz toparynyň çykyşynyň roligini intenetde çap etdi, onuň toparynda pianinoçy, gitaraçy, saksofonçy we iki aýdymçy zenan bar. Şonda Hökümet başlygy ýaşlary diskoteka çagyrmakçydygyny söz berdi. Üç günden soňra ol çärä islegleri kabul etmegi bes etdi, sebäbi Paşinýanyň deprekçi hökmünde çykyş etjek konsertine gatnaşmaga meýil bildirenler köp boldy.
Bu barada «Gazeta.ru» ýazýar.