Turkmenportal logo
Düýn 16:39
1068810688
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Esenguly etrabynda etrap prokuraturasynyň täze edara binasy açyldy

Watan goragçylarynyň güni mynasybetli Esenguly etrap merkezinde etrap prokuraturasynyň täze edara binasy dabaraly ýagdaýda ulanmaga berildi. Bu barada «Balkan» gazeti habar berýär

Iki gatdan ybarat täze binanyň açylyş dabarasynda medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlaryna hem giň gerim berildi.

Şeýle hem watan goragçylarynyň güni mynasybetli Etrek etrap merkezinde Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Balkan welaýat gümrükhanasynyň «Altyn asyr» gümrük nokadynyň işgärlerine niýetlenen dört gatly, 2 we 3 otagly, 24 öýli ýaşaýyş jaýy hem dabaraly ýagdaýda ulanmaga berildi.