Türkmenistan Hindistan bilen bilelikde umumy medeni gymmatlyklary öwrenmek we gorap saklamak boýunça işjeň işleri alyp barýar, şeýle hem bilim ulgamynda özara gatnaşyklary ýola goýýar diýip, Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Hindistanyň Respublika gününiň 76 ýyllygy mynasybetli geçirilen dabaraly kabul edişlikde belledi.
«Medeni gatnaşyklar türkmen-hindi gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegidir. Biz türkmen we hindi halklarynyň umumy medeni gymmatlyklaryny we olaryň umumadamzat mirasyna goşan goşandyny öwrenmek, gorap saklamak we baýlaşdyrmak ugrunda işjeň işleri alyp barýarys» diýip, Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy aýtdy. Ol 2024-nji ýylda açylan «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynda hindi ýazyjysy, şahyry, kompozitory we jemgyýetçilik işgäri Rabindranat Tagora ýadygärlik dikeldilendigini belledi.
«Türkmenistanda biz Hindistanyň baý medeniýetine, onuň sazyna, kinematografiýasyna we edebiýatyna söýgi hem-de hormat bilen garaýarys. Şeýle hem bilim ulgamynda, hususan-da, Hindistanyň Tehniki we ykdysady hyzmatdaşlyk maksatnamasy hem-de Hindistanyň Medeni gatnaşyklar geňeşi tarapyndan hödürlenýän talyp haklary babatda işjeň özara hereketleri ýola goýýarys» diýip, ministr sözüniň üstüni ýetirdi.
R.Meredow Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan hindi tarapyny ýurduň milli baýramy mynasybetli gutlady. Ol türkmen-hindi gatnaşyklarynyň taryhynyň örän gadymy döwürlerden gözbaş alýandygyny, iki ýurdy berk siwilizasion arabaglanyşygyň we esasy ruhy gymmatlyklaryň meňzeşliginiň birleşdirýändigini nygtady.