Turkmenportal logo
Düýn 15:16
74447444
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Birža söwdalarynda «Türkmenhimiýa» we «Türkmennebit» döwlet konserniniň önümleri uly islege eýe boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 16-sy hasaba alyndy. Daşary ýurtly işewürler bilen baglaşylan geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 8 million 459 müň dollaryndan gowrak boldy. Bu barada TDH habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, Owganystanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň telekeçileri «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen karbamidi satyn aldylar. Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Azerbaýjanyň, Türkiýäniň, Serbiýanyň, Gyrgyzystanyň telekeçilerine portlandsement, nah ýüplük, gysga süýümli pagta, jins önümleri, buýan köküniň goýy ekstrakty ýerlenildi. 

Ýurduň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 36 million 578 müň manatdan gowrak bolan bugdaý ununy, nah ýüplügi we nah matany, dokma önümleriniň dürli görnüşlerini, ýoduň spirtli erginini, binýatlyk ýagy («Türkmennebit» döwlet konserni) satyn aldylar.