Daşoguz welaýatynyň ýüpekçileri bahar paslyna taýýarlyk görýärler. Şu günlerde sebitdäki bar bolan 70-e golaý inkubatorlaryň netijeli işlemegini üpjün etmek we olarda ýüpek gurçugynyň pillelerini janlandyrmak işlerine aýratyn üns berilýär.
«Türkmenistan: Altyn asyr» neşiriniň habar bermegine görä, sagdyn ýüpek gurçugynyň ýokary derejede çykarylmagy we alynýan ýüpegiň hili inkubatorlaryň arassaçylyk ýagdaýyna hem-de olara edilýän idegiň dogry bolmagyna gönüden-göni baglydyr.
Häzirki wagtda ýüpek gurçugy üçin niýetlenen inkubatorlara ideg etmegiň çäklerinde binalary düýpli arassalamak we zyýansyzlandyrmak, olary degişli talaplara laýyk gelýän erginler bilen işläp bejermek çäreleri geçirilýär. Şeýle hem zerurlyga görä, bu ýerdäki ýelejirediş we amatly howa ýagdaýyny saklaýjy ulgamlaryň sazlaşykly işleýşi barlanylýar.
Ýüpekçilik oba hojalygynyň ösen pudaklarynyň biri bolup durýan bu welaýatda her ýyl dokma senagaty üçin gymmatly çig malyň ýüzlerçe tonnasy öndürilýär. Sebitiň ýüpekçileri pile öndürmekde toplanan baý tejribesini häzirki zaman ylmy maslahatlary bilen utgaşdyrýarlar.