Turkmenportal logo
Düýn 10:19
1081010810
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Prezidenti Hindistanyň Prezidentini ýurduň milli baýramy mynasybetli gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hindistan Respublikasynyň Prezidenti hanym Draupadi Murmuwa ýurduň milli baýramy — Respublika güni mynasybetli ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada TDH agentligi habar berýär.

«Biz Türkmenistan bilen Hindistan Respublikasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berýäris. Bu gatnaşyklaryň geljekde hem iki ýurduň halklarynyň bähbitlerine mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna uly ynam bildirýäris» diýip, döwlet Baştutany belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Draupadi Murmuwa tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Hindistanyň halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk hem-de rowaçlyk arzuw etdi.