Şu ýylyň 16 — 25-nji ýanwary aralygynda Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde 48-nji halkara Monte-Karlo sirk sungaty festiwaly geçirildi. Oňa Türkmenistanyň wekilleri hormatly agza hökmünde gatnaşdylar. Dabaraly çärede «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň sirk sungatyna uly goşandy üçin, Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň wekiliýetine Monakonyň Bütindünýä sirk festiwaly hem-de Ýewropa sirk assosiýasiýasy tarapyndan halkara şahadatnamalar gowşuryldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bu waka 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygarynyň mazmunyny baýlaşdyrdy. Ýurduň meşhur toparynyň geçen ýyl şeýle abraýly halkara sirk sungaty festiwalynda üstünlikli çykyş edip, Altyn baýraga we beýleki ýörite baýraklara mynasyp bolmagy, bu ýyl bolsa oňa toparyň hem-de Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň wekilleriniň hormatly myhman hökmünde çagyrylmagy Türkmenistanyň sirk sungatynda ýeten sepgitleriniň dünýäde ykrar edilýändigini alamatlandyrýar.