Hindistanyň Kalkutta şäheriniň eteginde bejerip bolmaýan we sanjym ýok bolan Nipah ýokanjy hasaba alyndy. Bu barada «The Economic Times» gazetine salgylanýan «rbc.ru» habar berdi.
Geçen hepdede kesel ýokuşan sekiz hassa Günbatar Bengaliýa ştatynda hasaba alyndy. Bir lukmanyň, şepagat uýasynyň we saglygy goraýyş edarasynyň işgäriniň hem kesele ýolugandygy habar berilýär.
Kalkuttanyň golaýyndaky hassahanada iki şepagat uýasyna Täze ýyldan soňra kesel ýokuşandygy belli boldy.
Hindistanyň häkimiýetleri 100 adamy karantinde ýerleşdirdi.
Nipah – bu ölüm howply ýokanç bolup, oňa garşy sanjym ýokdur. Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy ony ýokary derejeli ölüm howply hasaplaýar. Keseliň ölüm howplulygy 40 – 70 göterime deň bolup, beýnini hatardan çykarýar.
Ýokanç köp halatda ýarganatlardan we zäherlenen miwelerden geçýär. Keseliň alamatlary: bedeniň ýokary gyzgynlygy we kelleagyry, ýadawlyk. Keselli üsgürýär, demi gysýar we öýken sowuklamasynyň alamatlary peýda bolýar.
2023-nji ýylda hem Hindistanda Kerala ştatynda Nipah ýokanjy möwjedi, 2024-nji ýylda bu sebitde keselden iki hassa aradan çykdy.