Turkmenportal logo
25.01.26
2242622426
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen diplomaty Gruziýanyň Parlamentiniň kada-kanunçylyk baradaky komitetiniň başlygy bilen duşuşdy 

23-nji ýanwarda Gruziýanyň Parlamentinde Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçisi D.Seýitmämmedow bilen Gruziýanyň Parlamentiniň kada-kanunçylyk baradaky komitetiniň başlygy, gruzin-türkmen parlamentara dostluk toparynyň ýolbaşçysy D.Matikaşwiliniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Türkmenistanyň DIM-iniň habar bermegine görä, duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary derejesini belläp geçdiler we syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda, şeýle hem halkara guramalaryň çäklerinde hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşyga gatnaşyjylar parlamentara ugry boýunça türkmen-gruzin gatnaşyklarynyň işjeň ösýändigini kanagatlanma bilen bellediler. Şunlukda, birek-birege ynamy berkitmäge we tejribe alyşmaga ýardam berýän ýokary derejeli saparlaryň we parlamentara gatnaşyklarynyň işjeň ornuny aýratyn belläp geçdiler.

Netijeli we durnukly döwletara dialogy ilerletmegiň möhüm guraly bolup durýan parlamentara dostluk toparlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mundan beýläk hem ösdürilmegine aýratyn üns berildi.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar özara gyzyklanma bildirilýän ähli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmäge taýýardyklaryny hem-de gyzyklanmalaryny bildirdiler.