Şu gün Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti O.Atabaýewa bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky wekili Jalpa Ratnanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşykda ýurduň ýaş raýatlarynyň bähbidine köpýyllyk netijeli dialogy mundan beýläk-de pugtalandyrmak meselelerine garaldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Söhbetdeşler biri-birini mähirli mübärekläp, ösüp gelýän ýaş nesliň abadan durmuşy hem-de saglygy baradaky aladanyň türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagyň tagallalary hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýandygyny bellediler. Duşuşygyň dowamynda gysga wagtyň içinde ynsanperwerlik ýörelgelerini durmuşa geçirmegiň ajaýyp nusgasyna öwrülen haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işine üns berildi.
ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekilhanasy bilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň arasynda gol çekilen özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamanyň durmuşa geçirilmegi duşuşykda ara alnyp maslahatlaşylan esasy meseleleriň biri boldy. Bu resminama durmuş ähmiýetli wezipeleri çözmekde tagallalary birleşdirmek üçin berk hukuk binýady bolup çykyş edýär.
Bu duşuşyk Türkmenistanyň jemgyýetiň iň ýokary gymmatlygy bolan çagalaryň saglygyny hem-de ýagty geljeginiň bähbidine ynsanperwerlik taglymlaryny we halkara hyzmatdaşlygyna ygrarlylygynyň nobatdaky subutnamasy boldy.