Turkmenportal logo
24.01.26
3231332313
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Özbegistanyň konditer kompaniýasy Türkmenistana önümlerini eksport etmegi meýilleşdirýär 

Özbegistanyň konditer önümlerini öndürýän «Safia» kompaniýasy Türkmenistanyň bazaryna girmegi maksat edinýär. Bu barada kompaniýanyň esaslandyryjylarynyň biri Bekzod Samigjonowyň sözlerine salgylanyp, spot.uz ýazýar. 

«Biz franşiza ulgamyny ýola goýduk we Täjigistanda şahamça açdyk. Eger ygtybarly hyzmatdaşlar tapylsa, Täjigistan, Gyrgyz Respublikasy we Türkmenistan ýaly goňşy döwletlerde hem franşiza esasynda öz nokatlarymyzy açmagy meýilleşdirýäris» diýip, Bekzod Samigjonow belledi. 

«Häzir biz Gazagystanyň we Täjigistanyň bazarlaryna girdik. Şeýle-de önümlerimizi Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň bazarlaryna hem çykarmagy göz öňünde tutýarys» diýip, B.Samigjonow sözüniň üstüni ýetirdi.