Turkmenportal logo
Şu gün 09:29
45364536
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan bilen Türkiýe söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ösüşini ara alyp maslahatlaşdy

22-nji ýanwarda Ankaranyň Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mekan Işangulyýew bilen Ankaranyň Söwda-senagat edarasynyň Başlygy Gürsel Baranyň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Turkmenportal saýtyna Türkmenistanyň Ankaradaky diplomatik wekilhanasy habar berdi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Energetika, ulag-logistika, oba hojalygy we gurluşyk ugurlarynda, şeýle-de azyk senagaty pudagynda hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi.

Şeýle-de duşuşykda iki ýurduň telekeçilik düzümleriniň arasynda durnukly gatnaşyklary ýola goýmak meseleleri hem-de bilelikdäki maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerine garaldy.

Duşuşyga gatnaşyjylar Türkmenistanyň we Türkiýäniň kiçi we orta telekeçilik düzümleriniň arasynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça birnäçe teklipleri öňe sürdüler. Olaryň hatarynda telekeçileriň sergilere we forumlara gatnaşmagy, şeýle-de özara bähbitli maýa goýumlaryny çekmek ýaly başlangyçlar görkezildi.