Turkmenportal logo
Düýn 22:13
18041804
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Türkmenturba» zawodynyň maddy-enjamlaýyn binýady döwrebaplaşdyrylar

Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň garamagyndaky zawodlaryň maddy-enjamlaýyn döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, konserniň «Türkmenturba» önümçilik zawodyny bökdençsiz işletmek we tehnologik kadalara laýyklykda dolandyrmak maksady bilen önümçilikde zerur bolan enjamlar hem-de himiýa önümleri bilen öz wagtynda üpjün etmek degişli işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklipleri hödürledi.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, ýurtda hereket edýän himiýa kärhanalarynyň önümçilik kuwwatyny doly ulanmaga aýratyn ähmiýet berilýändigini belledi. Şeýle hem döwlet Baştutany «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň  «Türkmenturba» zawodynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge gönükdirilen teklipleri makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.