Turkmenportal logo
Düýn 22:10
18801880
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly Hökümet mejlisini geçirdi
Surat: tdh.gov.tm

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, mejlisde döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa söz berildi. Ol ýurduň kanunçylygyny kämilleşdirmek, kabul edilen kanunlara üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek ugrunda alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ministrliklerde we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryndan gelip gowuşýan teklipler esasynda halkara tejribesi öwrenilip, adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak, ykdysadyýetiň dürli pudaklaryny ösdürmek bilen baglanyşykly hereket edýän kanunçylyklary kämilleşdirmek boýunça işler amala aşyrylýar.

Döwlet Baştutany täze kanun taslamalaryny işläp taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de dowam etmegiň möhümdigini belledi.

Soňra wise-premýerler gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işler, olaryň netijeleri, şol sanda milli ykdysadyýetiň degişli pudaklaryny mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda durmuşa geçirilýän çäreler, ozal berilen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi, medeni-ynsanperwer, daşary syýasat hem-de beýleki degişli ugurlar boýunça öňde boljak çäreler, olara görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdiler. Şeýle hem wise-premýerler döwlet Baştutanynyň garamagyna gözügçilik edýän düzümlerinde ýerine ýetirilmeli işler boýunça degişli teklipleridir taslamalary hödürlediler.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabatlary diňläp, olar boýunça hödürlenen degişli teklipleri makullap, ýurduň dürli toplumlarynda, milli ykdysadyýetiň pudaklarynda alnyp barylýan işler, öňde boljak çäreler, pudaklary mundan beýläk-de ösdürmek ugrundaky wezipeler, halkara gatnaşyklar bilen baglylykda, degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklarydyr görkezmeleri berdi.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.