Turkmenportal logo
Şu gün 15:09
63756375
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen işewür zenanlary Parižde geçirilýän dizaýn we bezeg sergilerine gatnaşdylar

Türkmenistanly işewür zenanlaryň topary 15–19-njy ýanwar aralygynda Fransiýanyň paýtagty Pariž şäherinde geçirilen Maison & Objet hem-de Who’s Next Paris atly halkara sergilerine gatnaşdy. Sapar Ýewropa Bileleşiginiň goldawy bilen Halkara söwda merkezi tarapyndan durmuşa geçirilýän «Türkmenistan: söwdanyň durnuklylygy we utgaşmasy» atly taslamanyň çäklerinde guraldy.

Maison & Objet sergisi 15–19-njy ýanwar aralygynda Paris Nord Villepinte sergi merkezinde, Who’s Next bolsa 17–19-njy ýanwar aralygynda Paris Expo Porte de Versailles sergi jaýynda geçirildi. Bu çäreler dünýäniň dürli ýurtlaryndan döredijilik dünýäsiniň hünärmenlerini bir ýere jemledi.

Türkmen wekiliýetiniň düzümine «Binaym», «Shekil Studio/Ensi», «AYM» (AYMAHRI) tikin atelýeleriniň hem-de Mukaddes Ibragimowanyň wekilleri girdi. Gatnaşyjylar önümleri hödürlemegiň halkara tejribesini öwrendiler, eksporta taýýarlyk, gaplama we sertifikatlaşdyrma talaplary bilen tanyşdylar, şeýle hem mümkin bolan hyzmatdaşlar bilen duşuşyklary geçirdiler.

«Halkara sergilere gatnaşmak bize beýleki ýurtlarda kompaniýalaryň nähili işleýändigini görmäge, tejribe alyşmaga we öz işimizde haýsy çemeleşmeleri ulanyp biljekdigimize düşünmäge mümkinçilik berdi» — diýip, AYM brendiniň esaslandyryjysy Nurjahan Täçmyradowa belledi.

Unique Camel Wool brendiniň esaslandyryjysy Şasenem Garlyýewa bolsa şeýle çäreleriň halkara bazarlaryň talaplaryna has gowy düşünmäge we geljekde hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin mümkinçilikleri tapmaga ýardam berýändigini nygtady.

«Türkmenistan: söwdanyň durnuklylygy we utgaşmasy» atly taslama işewürlik gurşawyny gowulandyrmak we kiçi hem-de orta kärhanalaryň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak arkaly ýurduň ykdysady ösüşine ýardam bermäge gönükdirilendir. Şeýle hem taslama Türkmenistanyň sebit we ählumumy söwda ulgamyna, şol sanda Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlyga goşulyşmagyny goldaýar.