Türkmenistanyň Saud Arabystanyndaky ilçisi Muhammetgeldi Ýazow Saud Arabystanynyň Atçylyk sport federasiýasynyň ýerine ýetiriji direktory Fuad bin Fahad Ibragim bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň diplomatik edarasynyň metbugat gullugy habar berdi.
Taraplar atçylyk ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Fuad bin Fahad Ibragim öz ýolbaşçylyk edýän guramasynyň alyp barýan işleri barada maglumat berdi.
Türkmen diplomaty saud tarapyna Türkmenistanda 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilendigi barada habar berdi. Ilçi Türkmenistanda atçylyk pudagyny ösdürmäge, meşhur ahalteke atlarynyň baş sanyny artdyrmaga we türkmen bedewleriniň halkara giňişligindäki abraýyny has-da belende götermäge döwlet derejesinde uly üns berilýändigini nygtady.
Gepleşikleriň dowamynda Saud Arabystanynyň Atçylyk sport federasiýasy bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň meseleleri maslahatlaşyldy.