Ýakynda Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi S.Pälwanow Brýusselda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Mongoliýanyň ilçileri bilen bilelikde bu ýurduň Wekiller palatasynyň Başlygy Piter De Rower bilen duşuşyk geçirdi.
Türkmenistanyň ilçisi öz çykyşynda Merkezi Aziýanyň agzybirligiň, özara ynamyň we işjeň hyzmatdaşlygyň sebitine öwrülendigini nygtady. Şeýle-de sebit ýurtlarynyň ählumumy bähbitli meseleler boýunça yzygiderli bilelikdäki çemeleşmeleri işläp düzýändiklerini hem-de islendik gapma-garşylykly ýagdaýlaryň öňüni almaga gönükdirilen çözgütleri tapmaga çalyşýandyklaryny belledi. Bu barada ilçihana habar berdi.
Duşuşygyň dowamynda Belgiýa bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek, şol sanda Belgiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meseleleri boýunça hem giňişleýin pikir alşyldy.

Gepleşikleriň dowamynda parlamentara hyzmatdaşlygy ösdürmäge-de aýratyn üns berildi. Bu ugurda şu ýylyň mart aýynda Belgiýada Belgiýanyň we Türkmenistanyň parlamentleriniň arasyndaky parlamentara dostluk toparynyň duşuşygyny geçirmek mümkinçiligi ara alnyp maslahatlaşyldy we bu formatyň mazmunyny iş ýüzündäki çäreler bilen baýlaşdyrmagyň ähmiýeti nygtaldy.
Taraplar, şeýle-de ulag ulgamyndaky arabaglanyşyk, energetika, tebigaty goramak, ylym-bilim we medeni-ynsanperwer ýaly hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary boýunça pikir alyşdylar.
Duşuşygyň netijeleri boýunça parlamentara gepleşikleri dowam etdirmäge we Belgiýa bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, şol sanda Türkmenistanyň arasynda özara bähbitli ugurlaryň giň gerimi boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmäge taraplaryň taýýardyklary tassyklanyldy.