Turkmenportal logo
Şu gün 10:04
51395139
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Balkan daglarynyň baý haýwanat dünýäsi

Soňky maglumatlara görä, Uly we Kiçi Balkan daglarynda süýrenijileriň 28 görnüşi duş gelýär. Ýerde we suwda ýaşaýan haýwanlardan bu ýerde özboluşly bir wekili — Orta Aziýanyň tetraploid ýaşyl gurbagasy saklanyp galypdyr. Ýarym berkidilen, ösümlik bilen örtülen çägeliklerde we toýunly ýerlerde Orta Aziýa pyşbagasyna, aslara, adaty ok ýylanlara, çöl suwulganlaryna, çöl gömülgen ýylana duşmak bolýar. Bu barada «Neytralnyý Turkmenistan» gazetiniň sahypalarynda biologiýa ylymlarynyň kandidaty Galina Kamahina gürrüň berýär.

Bu ýerdäki süýrenijiler dünýäsiniň wekilleriniň arasynda aziýanyň menekli ýylançyry, kawkaz suwulgany, gyzyl zolakly ýylan hem bar.

Çal zemzen — toýunly düzlükleriň «çöl krokodili» — dag eteklerinden başlap, belent sähralara we elýeterligi kyn bolan dag baýyrlyklaryna çenli erkin çykyp bilýär. Ol uzynlygy bir ýarym metre çenli ýetýän iň iri süýrenijileriň biridir. Iýul aýynda düşýän tomus jöwzasynyň güýjemegi bilen uka gidýär, bu ýagdaý soňlugy bilen gyşky uka geçýär.

Ýerli jandarlara degişli bolan seýrek haýwanlaryň hatarynda Sewersowyň ýalmany, Köpetdag homýagy, türkmen korsagy, dag samyry, türkmen garagulagy, manul bar.

Guşlar, şol sanda ýyrtyjy guşlar daşky gurşawyň ýagdaýynyň görkezijileridir. Dürli ýyllarda bu ýerde göçüp-gonýan guşlaryň görnüşlerini goşmak bilen, olaryň 120-den 170-e çenli görnüşi hasaba alnypdyr. Häzirki wagtda bu ýerde bürgüt, sakgally garaguş, gajar, kawkaz gök bahry ýaly gyrgylar maşgalasyna degişli guşlar we serçe şekillileriň dürli görnüşleri höwürtge gurýar.

Kiçi Balkan dagy öz gözelligi bilen gaýtalanmajak aý görnüşli landşaftlary bilen tapawutlanýar. Adaty däl relýefi alymlaryň we syýahatçylaryň ünsüni özüne çekipdir. «Düýe çalyndan çykan suw» diýlip terjime edilýän Çalsuw çeşmesi ýadaw ýolagçynyň teşneligini örän süýji we lezzetli suwy bilen gandyrýar. Onuň iň belent nokady deňiz derejesinden 780 metr beýiklikde ýerleşýär. Ozal geçen asyrda sany köp bolan saýgaklar gazaply gyşlarda Gazagystandan Balkan daglarynyň demirgazyk bölegine göçüp gelýärdi. Geçen asyryň 90-njy ýyllarynyň ahyryndan bäri Türkmenistanyň Gazagystan hem-de Özbegistan bilen serhetleşýän çäklerinde toýnakly haýwanlaryň sanynyň azalmagy bilen, saýgak häzirki wagtda bu ýerlerde bellige alynmaýar.