Turkmenportal logo
Şu gün 09:10
51265126
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Dünýäde iň köp ulag hereketli ýollary bolan şäherler belli edildi

2025-nji ýylda iň köp ulagly ýollary bolan şäherleriň sanawynda Mehiko, Dublin, Lima we Bangkok öňe saýlandy. Bu ugurdaky barlaglary nawigatorlary öndüriji kompaniýa geçirdi diýip, «MIR 24» habar berdi. 

Hünärmenler dünýäniň 500-e golaý şäheriniň ýollarynyň gereginden kän ulaglylyk derejesini, ortaça hereket tizligini, 15 minutda geçmek mümkin bolan aralygy, şeýle hem sürüjileriň ýylyň dowamynda dyknyşyklarda geçiren wagtlaryny öwrendiler. Alnan netijelere laýyklykda, Mehikoda awtoulag eýeleriniň ýolda erkin hereket wagtyndakydan 75,9 göterim wagt ýitirýändikleri anyklandy. Ondan soňra Hindistanyň Bangalor şäheri (74,4%) we Dublin (72,9%) ýerleşdi. Iň az ýol dyknyşyklygy kiçeňräk amerikan şäherlerinde hasaba alyndy.

Iň az ortaça hereket tizligi Kolumbiýanyň Barrankile şäherinde hasaba alyndy, ol ýerde bu görkeziji sagatda 16,5 kilometre deň. Ikinji ýeri London eýeledi (16,5 km/s). Bu şäherlerde 15 minutda 4,1 kilometr menzil geçip bolýar. Ulag dyknyşyklarynda iň köp wagtyny Perunyň Lima şäheriniň ýaşaýjylary geçirýärler – 195 sagat. Dublinde bu görkeziji 191 sagat, Mehikoda – 184 sagat.