Şu gün Aşgabatda «Howanyň üýtgemegi şertlerinde saglyk we iýmitleniş» atly halkara maslahat geçirildi. Munuň özi Türkmenistanyň bu ugurda umumy tagallalary birleşdirmäge uly goşant goşýandygynyň nobatdaky beýany boldy. Maslahata ýurduň ugurdaş ministrlikleriniň hem-de BMG-niň Azyk we oba hojalygy guramasynyň ýolbaşçylary, şeýle hem Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň, Eýranyň, Russiýanyň wekilleri gatnaşdylar. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Mälim bolşy ýaly, howanyň üýtgäp durýan şertlerinde azyk howpsuzlygynyň üpjün edilmegi durnukly ösüş maksatlarynda berkidilen köpsanly wezipeleriň çözülmegi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Howanyň üýtgemegi bilen bagly ýagdaýlar oba hojalygyny ýöretmegiň däp bolan usullarynyň hem-de görnüşleriniň özgerdilmegine öz täsirini ýetirýär. Munuň özi utgaşdyrylan çemeleşmeleriň binýadynda gaýragoýulmasyz çäreleriň görülmeginiň zerurdygyny şertlendirýär.
Howanyň üýtgemegi azyk howpsuzlygy bilen bir hatarda saglyk we iýmitlenme bilen baglanyşykly beýleki meseleleriň hem peýda bolmagyna getirýär. Şunuň bilen baglylykda, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek boýunça tagallalary birleşdirmek saglyga we ekoulgamlara howp salýan meseleleri çözmek hem-de şol bir wagtyň özünde ilaty arassa suw, energiýa we howa, howpsuz hem-de ýokumly iýmit bilen üpjün etmek ýaly umumy meseleleri çözmek zerurlygy ýüze çykýar. Daşary ýurtly gatnaşyjylaryň çykyşlarynda hem şeýle ýüze çykýan meseleleri çözmegiň ugurlary giňişleýin beýan edildi.