Altynyň nyrhy taryhy rekordy täzeledi, ol üçlük unsiýa üçin 4 müň 850 dollardan geçdi diýip, «MIR 24» habar berdi.
Ýagny Nýu-Ýorkuň biržasynda altynyň bahasy söwdalaşyklar ýapylmazyndan öň üçlük unsiýa üçin 4 852,06 amerikan dollaryna ýetdi. Soňky on üç aýda altyn üznüksiz gymmatlamagyny dowam edýär we eýýäm 80 göterim gymmatlady.
Bilermenler bahalaryň üýtgemegini geosyýasy ýagdaýlar bilen baglanyşdyrýarlar. Aýratyn hem oňa Birleşen Ştatlar bilen Ýewropanyň arasyndaky Grenlandiýa babatda gapma-garşylyk ýiti täsir edýär. Altyna isleg Merkezi banklaryň arasynda-da, maýadarlaryň arasynda hem artýar diýlip, habarda bellenýär.
Kümüş barada aýdylanda, onuň bahasy mart fýuçersleri üçin 0,88 göterim arzanlap, bir unsiýanyň nyrhy 93,787 dollara deň boldy.