Şweýsariýanyň Bern uniwersitetiniň alymlary haçanam bolsa bir wagtlar Marsda bolan gadymy ummanyň yzlaryny tapdylar. Ol meýdany boýunça Ýerdäki Demirgazyk Buzly umman bilen deň bolup biler diýip, «New Scientist» neşiri habar berdi.
Alymlar ylmy barlaglaryň dowamynda asman giňişligindäki zondlaryň maglumatlaryny öwrendiler. Olaryň hatarynda ExoMars zondundan alnan reňkli fotosuratlaryň kömegi bilen ylmy barlag üçin möhüm bolan maglumatlaryň üstünden baryldy.
Alymlar ýokary çözgütli reňkli fotosuratlar arkaly Marsyň üstüni 4 müň kilometr kesip geçýän Marineris Jülgesiniň şekillerini içgin öwrenmek bilen, onuň günorta-gündogar bölegindäki «Coprates Chasma» diýlen ýeriň bir wagtlar ummanyň çägi bolandygyny kesgitlediler. Onuň ýaşy 3,3 milliard ýyl bahalanýar. Alnan netijeler Ýerde derýalaryň ummanlara guýýan ýerlerindäki ýa-da beýik dag köllerine meňzeş köp sanly üýtgeşmeleri ýüze çykardy. Alymlara şeýle hem gadymy ummanyň kenarlaryny we meýdanyny anyklamak başartdy. Marsdaky suw howdany Demirgazyk Buzly umman bilen deň bolup biler diýen netijä gelen alymlar onuň Marsdaky iň uly umman bolandygyny belleýärler.