Turkmenportal logo
Düýn 14:24
66586658
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Uly Balkan dagynyň täsin tebigaty

Türkmenistanda aýratyn goralýan tebigy çäkleriň ulgamyny giňeltmek, täze döwlet tebigy goraghanalaryny döretmek boýunça taýýarlyk çäreleri dowam etdirilýär. Olaryň biri Uly Balkan dag ulgamynyň esasynda, Kiçi Balkanda, Günorta Üstýurtda we Günbatar Uzboýda ýerleşýän çäkli goraghanalar bilen döredilmegi meýilleşdirilýär. Bu ýerleriň tebigaty örän täsindir: ol çöl düzlükleriniň ortasynda ýerleşip, Köpetdagdan we Köýtendagdan ep-esli uzakda bolanlygyna garamazdan, ösümlik we haýwanat dünýäsiniň tebigy keşbi taýdan şol daglara mahsus aýratynlyklary özünde jemleýär. Bu barada «Neytralnyý Turkmenistan» gazetiniň sahypalarynda biologiýa ylymlarynyň kandidaty Galina Kamahina ýazýar.

Uly Balkan dagynyň tebigatyny gorap saklamak baradaky pikir ilkinji gezek 1832-nji ýylda Grigoriý Karelin tarapyndan Hazar deňzine guralan ilkinji toplumlaýyn ekspedisiýadan soň öňe sürlüpdir. Soňra 1836-njy ýylda Hazaryň gündogar kenarlaryndaky aýlaglar, şol sanda Garabogazköl aýlagynyň kenarlarynyň bir bölegi, Amyderýanyň gadymy akymlarynyň biri bolan — gadymy Uzboý derýasynyň, Etrek derýasynyň guýan ýerleri hem-de Uly Balkanyň dag gerşi karta girizilip, olar giňişleýin beýan edilipdir.

Soňky döwürlerde, geçen asyryň 1920–1930-njy ýyllarynda zoolog Mihail Laptew tarapyndan guralan ekspedisiýalar, 1940–1949-njy ýyllarda bu ýerleriň oňurgaly haýwanlaryny öwrenen Geldi Şükürowyň ylmy barlaglary, şeýle hem häzirki wagtda alymlaryň täze nesli tarapyndan geçirilen biodürlüligiň tükelleýiş işleri «çöliň ortasyndaky dag adasynyň» ekoulgamlaryny goramagyň zerurlygyny tassyklaýar.

Tokaý gaznasyna degişli bolan, çeşmeli eňňitler we beýik dag tekizligindäki elýeterli çemenlikli sähralar, hatda tomusky yssyda-da janly, gür ot örtügini saklap galýardy. Onýyllyklaryň dowamynda maldarlar bu ýerleri beýik daglara çykmaga, beýiklik we temperatura tapawutlaryna çydamly bolan ownuk şahly mallar üçin öri meýdanlary hökmünde peýdalanypdyrlar.

Bu daglaryň baýlyklary bolsa juda uzak geologiki geçmişe uzap gidýär: bu ýerlerde gadymy daşa öwrülen ösümlikleriň we deňiz haýwanlarynyň galyndylary ýaly tapyndylara duş gelinýär.

Mysal üçin, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň muzeýinde Türkmenistanda gazylyp alynýan peýdaly magdanlaryň nusgalarynyň arasynda şu ýerlerden tapylan, gadymy iňňeli ösümlige degişli iri daşa öwrülen iri gozasy hem bar. Gadymy ýerli dag jynslary aşaky we orta Ýura döwrüne degişlidir, demirgazykda ýer ýüzüne çykýan gatlaklaryň bir bölegi bolsa Paleogen döwrüne degişli. Kähalatlarda çeşmeler gadymy Tetis deňziniň mirasy bolan iki gabykly mollýuskalaryň daşa öwrülen gatlaklaryny deşip, ýer ýüzüne çykýar. Umuman, bu ýerdäki dag gatlaklarynyň çykyşlary şeýle bir gadymy welin, orta Ýura döwrüne degişli bolan daşa öwrülen ösümlikleriň we deňiz haýwanlarynyň galyndylaryna gezip ýören ýerleriňde hem duş gelmek bolýar.