Turkmenportal logo
Düýn 13:32
1104211042
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Çarwadarlaryň Bütindünýä oýunlary ŞHG-niň sammitine gabat geler

2026-njy ýylyň 31-nji awgusty – 6-njy sentýabry aralygynda Gyrgyzystanda altynjy Çarwadarlaryň Bütindünýä oýunlary geçiriler. Oýunlar ýurduň raýatlary üçin sabyrsyz garaşylýan tolgundyryjy wakadyr.

Soňky gezek ol gyrgyz topragynda 2018-nji ýylda geçirildi.  Bu barada Gyrgyz Respublikasynyň Bedenterbiýe we sport döwlet agentliginiň ýolbaşçysy Kazybek Moldažiýew metbugat ýygnagynda habar berdi.

Altynjy oýunlar Respublikanyň halkara abraýy üçin uly ähmiýetli bolar. Galyberse-de, onuň dabaraly açylyşy Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Bişkekde geçjek ýubileý sammitine gabat gelýär. Oýunlaryň açylyşy-da Bişkekde geçer.

Çarwadarlaryň Bütindünýä oýunlaryna takmynan 100 ýurtdan 3 müňden gowrak türgeniň gatnaşmagyna garaşylýar. Eýýäm döwletleriň 40-dan gowragy Oýunlara öz pälwanlaryny gatnaşmakçydygyny tassyklady diýlip, habarda bellenýär.