Turkmenportal logo
22.01.26
1521015210
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Daşary işler ministrliginde türkmen-hindi syýasy geňeşmeleri geçirildi

21-nji ýanwarda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň we Hindistan Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.

Türkmen tarapyna Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa, hindi tarapyna bolsa Hindistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Günbatar işleri boýunça sekretary Sibi Jorj ýolbaşçylyk etdi.

Taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, ylym, bilim we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary boýunça giň gerimli meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşykda ýakyn wagtda iki ýurduň daşary işler ministrleriniň arasynda duşuşygyň geçirilmeginiň maksadalaýykdygy bellenildi.

Parlamentara gepleşikleriň derejesiniň, şeýle hem türkmen-hindi gatnaşyklarynyň hukuk binýadyny ösdürmek boýunça bilelikdäki işleriň üstünde durlup geçildi.

Taraplar söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga özara gyzyklanmalaryny bildirdiler hem-de Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologiki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-hindi toparynyň işiniň möhümdigini nygtadylar.

Syýasy geňeşmeleriň dowamynda taraplar energetika, ulag, oba hojalygy we beýleki ulgamlardaky häzirki we geljekki taslamalary jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylar. Iki ýurduň hususy pudaklarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmegiň möhümdigi nygtaldy.

Duşuşygyň dowamynda medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy we şu ýylda geçiriljek bilelikdäki çäreleri ara alnyp maslahatlaşyldy.