Turkmenportal logo
Düýn 10:15
1374413744
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmagyň usullary boýunça maslahat geçiriler

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty 30-njy ýanwarda «Mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmagyň döwrebap usullary: ylmy barlaglar we täze garaýyşlar» diýen temada okuw-usuly maslahatyny geçirer.

«Türkmenistan: Altyn asyr» neşiriniň habar bermegine görä, maslahat mugallymlaryň hünär ussatlygyny kämilleşdirmek maksady bilen guralýar.

Ýokary okuw mekdebi maslahata gatnaşmaga mugallymçylyk ugrundaky ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň mugallymlaryny, umumybilim berýän orta mekdepleriň, mekdebe çenli edaralaryň işgärlerini, şeýle hem Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň hünärmenlerini, Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň Baş bilim müdirlikleriniň ýanyndaky hünär derejesini ýokarlandyryş merkezleriniň mugallymlaryny çagyrýar.

Maslahatyň tertibi bilen mugallymçylyk institutynyň resmi saýtynda giňişleýin tanyşmak bolýar.