Turkmenportal logo
21.01.26
2942629426
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň başlygy wezipesinden boşadyldy

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. Onuň dowamynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylarynyň gözegçilik edýän düzümlerinde geçen, 2025-nji ýylda alnyp barylan işleriň netijelerine garaldy. Şeýle hem mejlisde, başga işe geçýändigi sebäpli, Ý.Nuryýew Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň başlygy, serhet goşunlarynyň serkerdebaşysy wezipesinden boşadyldy.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň başlygy wezipesine bu gullugyň başlygynyň orunbasary polkownik Ilaman Ilamanow bellenildi. 

Ýeri gelende bellesek,  Ý.Nuryýew bu wezipä 2021-nji ýylyň ýanwar aýynda bellenilipdi.