Turkmenportal logo
21.01.26
5826258262
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisinde 2025-nji ýylyň jemleri jemlenildi
Surat: Surat: tdh.gov.tm

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. Onuň dowamynda ýurduň harby we hukuk goraýjy edaralary tarapyndan geçen, 2025-nji ýylda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi hem-de şu ýylda bu düzümleriň öňünde durýan esasy wezipeler kesgitlenildi. Şeýle hem ýurtda asudalygy we howpsuzlygy üpjün etmegiň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň işini kämilleşdirmegiň, olaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin göçme mejlisiniň barşynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary gözegçilik edýän düzümlerinde geçen, 2025-nji ýylyň dowamynda alnyp barlan işleriň netijeleri, şeýle-de döwlet Baştutanynyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabatlary berdiler. Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, ýurtda asudalygy we howpsuzlygy, berk düzgün-tertibi, kanunlaryň gyşarnyksyz berjaý edilişini üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, olaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, onuň düzümine sanly ulgamyň mümkinçiliklerini ornaşdyrmak, harby gullukçylaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk hem ýokarlandyrmak bilen baglylykda, degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.