Turkmenportal logo
21.01.26
90139013
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan elektrik energiýasyny ibermek üçin Gazagystanyň serhedine çenli ýokary woltly EGU-ny gurmaga taýýar

Türkmenistan degişli ugurda eksporty artdyrmak we goňşy ýurduň energetika deňagramlylygyny goldamak üçin Gazagystanyň serhedine çenli ýokary woltly elektrik geçiriji ulgamyny (EGU) gurmak mümkinçiligine seredýär. Bu barada Türkmenistanyň energetika ministriniň orunbasary Nurmämmet Nurmämmedow Aşgabatda geçirilýän SPEKA-nyň Ykdysady forumynda eden çykyşynda belledi.

«Biz Gazagystan Respublikasynda energetika deňagramlylygyny goldamaga taýýardygymyzy bildirýäris we degişli ylalaşyklar gazanylan ýagdaýynda, serhede çenli ýokary woltly elektrik geçiriji ulgamyny gurmak mümkinçiligine seredýäris» — diýip, ol aýtdy.

N.Nurmämmedow Türkmenistanyň sebiti «durnukly we howpsuz energetika merkezine» öwürmäge çalyşýandygyny nygtady. Onuň sözlerine görä, häzirki wagtda türkmen tarapy bäş ugur boýunça Owganystany durnukly elektrik energiýasy bilen üpjün edýär, şeýle hem uzak möhletleýin şertnamalaryň çäklerinde Özbegistana we Gyrgyzystana elektrik energiýasyny eksport edýär.

Aşgabatdaky Ykdysady forum 21-22-nji ýanwarda SPEKA-nyň hepdeliginiň (BMG-niň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy) çäklerinde geçirilýär. Bu maksatnama 1998-nji ýylda döredilip, ol Azerbaýjany, Owganystany, Gazagystany, Gyrgyzystany, Täjigistany, Türkmenistany we Özbegistany öz içine alýar.