Turkmenportal logo
21.01.26
1325113251
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň we Hindistanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk meseleleri maslahatlaşyldy 

Şu gün Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Hindistan Respublikasynyň DIM-niň Günbatar işleri boýunça Sekretary Sibi Jorjyň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, taraplar syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Diplomatlar iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky dialogy pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar. Şunuň bilen baglylykda, ýakyn wagtda iki ýurduň DIM-leriniň ýolbaşçylarynyň arasynda duşuşygy guramagyň mümkinçiligi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň we Hindistanyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmegiň möhümdigi aýratyn nygtaldy.

Taraplar Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-hindi toparynyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk görmek bilen baglylykda bu ugurda hyzmatdaşlyk mehanizmlerini giňeltmek boýunça pikir alyşdylar.