Turkmenportal logo
21.01.26
1900019000
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Daşarda sowuk howa bolan mahaly: Katmer kafesi ýylylyk we rahatlyk gurşawyny döredýär

Howanyň sowap başlamagy bilen, Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylary has-da ýygy-ýygydan ýylynmaga hem-de ýyly, rahat gurşawda wagt geçirmäge mümkinçilik berýän ýerleri gözleýärler. Katmer kafesi şäherimiziň ilatyny sowuk günlerde aýratyn lezzet berýän ajaýyp türk süýjüliklerinden dadyp görmäge çagyrýar.

Kafede gündogar süýjülikleriniň giňden tanalýan görnüşleri bilen bir hatarda, däp bolan türk taýýarlanyş usullarynyň esasynda bişirilýän awtorlyk täze tagamlary hem hödürlenýär. Her bir desert baý tagamy, hoşboý ysy we öý rahatlygynyň duýgusyny özünde jemleýär.

«Biz myhmanlarymyza türk aşhanasynyň tagam baýlygyny doly ýetirmegi, aýratyn-da sowuk möwsümde ýylylyk we rahatlyk gurşawyny döretmegi maksat edinýäris», — diýip, Katmer kafesiniň wekili belleýär.

Howanyň bulaşyk hem amatsyz günlerinde öýde galmagy makul bilýänler üçin Aşgabat şäheri boýunça eltip bermek hyzmaty hem bar.

Habarlaşmak üçin maglumatlar:
•  salgysy: Ankara köçesi, 19 (öňki Ýubileýnaýa);
•  telefony: (+993 63) 24 99 44;
•  sosial ulgamlardaky sahypasy.