Turkmenportal logo
21.01.26
1182411824
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanda «Miras» ylmy-köpçülikleýin žurnalynyň täze sany çap edildi

Türkmenistan Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň türkmen, iňlis we rus dillerinde neşir edýän her çärýekde neşir edilýän ylmy-köpçülikleýin «Miras» žurnalynyň 2025-nji ýyldaky soňky sany çapdan çykdy.

TDH agentliginiň habar bermegine görä, neşir türkmen halkynyň ruhy mirasyny öwrenmek boýunça alnyp barylýan barlaglaryň netijelerine hem-de täze açyşlara bagyşlanan makalalar tapgyryny dowam etdirýär.

Žurnalyň ilkinji sahypalarynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ýaşulylaryň halkara güni, Türkmen alabaýynyň baýramy, Halkara Bitaraplyk güni we Täze ýyl mynasybetli Gutlaglary ýerleşdirilipdir.

«Täze ylmy açyşlar» atly bölümde «Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatynyň dabaralanmagy» we «Bitaraplyk — Türkmenistanyň taryhy, häzirki döwri we geljegi» atly makalalar bar. Agzalan bölümdäki Seljuklar döwründen häzirki wagta çenli milli saglygy goraýyş ulgamynyň ösüşine bagyşlanan «Türkmenistanda gadymyýetden gelýän lukmançylyk ýoly» atly makala okyjylaryň ünsüni çekip biler.

«Medeniýetleriň, halklaryň we siwilizasiýalaryň özara gatnaşyklary» atly bölümde Türkiýe Respublikasynyň Pamukkale uniwersitetiniň «Häzirki zaman türk dialektleri we edebiýaty» bölüminiň mugallymy Söner Saglamyň «Döwletmämmet Azadynyň «Wagzy-azat» eserinde maşgala gatnaşyklary we nesil terbiýesi» atly makalasy ýerleşdirilipdir.

Žurnalyň nobatdaky sanynda ýerleşdirilen materiallaryň arasynda «Paryzdepäniň Änew medeniýetine degişli gatlaklary», «Gadymy golýazmalar we häzirki zaman çözgütleri» atly makalalar hem bar.

Neşir «Ylmy we medeni durmuş habarlary» atly bölüm bilen jemlenýär. Onda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dördünji çärýeginde bolup geçen möhüm wakalar öz beýanyny tapýar.