Turkmenportal logo
21.01.26
1662016620
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
TDU-da Abaý adyndaky Gazak milli mugallymçylyk uniwersitetiniň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi 

20-nji ýanwarda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň rektory O.Öwezsähedow bilen Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi N.Nogaýewiň hem-de Abaý adyndaky Gazak milli mugallymçylyk uniwersitetiniň Hünär ugrukdyryş we ösüş departamentiň direktory, filosofiýa ylymlarynyň doktory (PhD) A.Naýmanbaýewiň we doktorant A.Mergenbaýewanyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti bilen Abaý adyndaky Gazak milli mugallymçylyk uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek bilen bagly mümkinçilikler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň resmi saýtynda habar berildi.