Turkmenportal logo
20.01.26
2333323333
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanda medeniýet we sport wakalaryny beýan etmek üçin ýokary okuw mekdepleriniň mediagrupasy döredildi

Türkmenistanda 2026-njy ýylda geçiriljek sport we medeni çäreleri beýan etmek üçin ýörite mediagrupa döredildi.

«Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşiriniň habar bermegine görä, bu baradaky maglumat Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda geçirilen we 2026-njy ýyldaky medeniýet hem-de sport wakalarynyň mediýa beýanyna bagyşlanan maslahatda aýdyldy.

Döredilen mediagrupanyň düzümine ýurduň bäş sany öňdebaryjy ýokary okuw mekdebiniň — Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň hem-de Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň degişli fakultetleriniň 12 sany tejribeli mugallymy we 76 sany zehinli talyby girdi.

Maslahatyň dowamynda täze döredilen habarçylar toparynyň maksatlary, wezipeleri we guramaçylyk işiniň esasy ugurlary hem düşündirildi.

Gatnaşyjylar ýaş žurnalistleriň esasy başarnyklaryny ýokarlandyrmaga, tejribesini baýlaşdyrmaga, şeýle hem 2026-njy ýylda döwlet we halkara derejesinde geçirilmegi meýilleşdirilýän möhüm wakalary professional hem-de operatiw şöhlelendirmäge gönükdirilen ýörite okuw maslahatlaryny (treningleri) guramagy ara alyp maslahatlaşdylar.

Ýatladyp geçsek, 2026-njy ýyl Türkmenistanda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýär.