Turkmenportal logo
20.01.26
2757127571
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Türkmenistan Sport» teleýaýlymy UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň haýsy duşuşyklaryny görkezer?

«Türkmenistan Sport» teleýaýlymy 2026-njy ýylyň 20–21-nji ýanwarynda geçiriljek UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň duşuşyklarynyň göni ýaýlymlarynyň tertibini yglan etdi. Ähli wagtlar ýerli wagt (Aşgabat) boýunça görkezilýär.

2026-njy ýylyň 20-nji ýanwarynda tomaşaçylar bu ýaryşyň üç duşuşygyna tomaşa edip bilerler. Sagat 20:30-da Gazagystanyň «Kaýrat» kluby Belgiýanyň «Brýugge» topary bilen duşuşar. Sagat 22:45-de Norwegiýanyň «Bude-Glimt» topary Angliýanyň «Mançester Siti» klubyny kabul eder. Oýun güni sagat 01:00-da başlanjak Madridiň «Real» topary bilen Monakonyň «Monako» klubynyň arasyndaky duşuşyk bilen jemlener.

2026-njy ýylyň 21-nji ýanwarynda «Türkmenistan Sport» teleýaýlymy ýene iki duşuşygy görkezer. Sagat 22:45-de Türkiýäniň «Galatasaraý» topary Ispaniýanyň «Atletiko Madrid» kluby bilen oýnar. Sagat 01:00-da bolsa Fransiýanyň «Marsel» topary Angliýanyň «Liwerpul» kluby bilen duşuşar.

UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň ähli duşuşyklary «Türkmenistan Sport» teleýaýlymynda göni ýaýlymda görkeziler.