Turkmenportal logo
20.01.26
2156321563
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan FIFA-nyň milli ýygyndylar reýtingindäki ornuny saklap galdy

2026-njy ýylda Halkara futbol federasiýasynyň (FIFA) milli ýygyndylar reýtinginiň ilkinji täzelenmesiniň jemlerine laýyklykda Türkmenistanyň milli ýygyndysy öz ornuny saklap galdy. Türkmenistanyň ýygyndysy 137-nji orny eýeläp, Filippinleriň ýygyndysy (136-njy orun) bilen Merkezi Afrika Respublikasynyň ýygyndysynyň (138-nji orun) arasynda ýerleşýär.

Marokkonyň milli ýygyndysy dünýäniň iň güýçli on toparynyň hataryna girip, 11-nji orundan 8-nji orna çykdy. Afrikanyň Kubogynyň ýeňijisi bolan Senegalyň ýygyndysy bolsa 7 basgançak ýokarlanyp, 12-nji orny eýeledi.

FIFA-nyň reýtinginiň ilkinji onlugy:

Ispaniýa, Argentina, Fransiýa, Angliýa, Braziliýa, Portugaliýa, Niderlandlar, Marokko, Belgiýa, Germaniýa.

Aziýa futbol konfederasiýasynyň (AFK) çägindäki iň gowy onluk:

Ýaponiýa, Eýran, Koreýa Respublikasy, Awstraliýa, Özbegistan, Katar, Yrak, Saud Arabystany, Iordaniýa, Birleşen Arap Emirlikleri.

FIFA-nyň reýtinginiň indiki täzelenmesi 2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde geçirilmegi meýilleşdirilýär.

Ýatladyp geçsek, Türkmenistanyň milli ýygyndysy 2027-nji ýylyň Aziýanyň Kubogyna saýlama ýaryşlarynyň çäklerinde 31-nji martda Taýlandyň milli ýygyndysyna garşy aýgytlaýjy duşuşygy geçirer. Duşuşygyň netijesi boýunça ýaryşyň jemleýji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanjak ýygyndy kesgitlener.