Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýat häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, iş maslahatynda ýurduň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarynda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Şeýle hem welaýatlaryň çägindäki dowam edýän gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabatlar berildi.
Welaýatlaryň häkimleri dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabatlary berdiler. Hasabatlarda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatlarda bugdaý ekilen meýdanlarda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri alnyp barylýar. Gowaça ekişine taýýarlyk görmegiň çäklerinde meýdanlarda sürüm, tekizleýiş, geriş çekmek, topragy mineral dökünler bilen gurplandyrmak işleri dowam edýär. Daýhanlary ýokary hilli tohumlar bilen üpjün etmek üçin gowaça tohumyny taýýarlamak, ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalarynyň gurallaryny abatlamak, talabalaýyk saklamak boýunça zerur çäreler görülýär. Şunuň bilen birlikde, ýeralma we gök-bakja ekinleriniň ýazky ekişine taýýarlyk görmegiň çäklerinde olaryň ekiljek ýerlerini we tohumlaryny taýýarlamak, ekin meýdanlarynyň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça möhüm çäreler görülýär. Mary welaýatynda ösdürilip ýetişdirilen gant şugundyrynyň hasylyny ýitgisiz ýygnap almak, ony gaýtadan işlemek boýunça zerur çäreler görülýär.
Türkmenistanyň Prezidenti hasabatlary diňläp, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işlerine ýene-de bir gezek ünsi çekdi hem-de welaýatlaryň gowaça ekiljek ýerlerde sürüm we tekizleýiş işlerini geçirmegiň agrotehnikanyň kadalaryna laýyk ýerine ýetirmegiň, pagta öndürijileri ýokary hilli gowaça tohumy bilen ýeterlik derejede üpjün etmegiň, şeýle hem ýaz ekişinde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny we gurallaryny möwsüme talabalaýyk taýýarlamagyň, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işlerini talabalaýyk geçirmegiň möhümdigini belledi. Ýeralma hem-de gök-bakja ekinleriniň ýazky ekişine gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy. Şeýle hem döwlet Baştutany hyzmat ediji edara-kärhanalaryň welaýatlaryň pagta we bugdaý öndürijileri bilen, Lebap welaýatynda şaly öndürijiler, Mary welaýatynda bolsa gant şugundyry öndürijiler bilen ýerine ýetirilen işler boýunça hasaplaşyklarynyň geçirilişine berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.