Turkmenportal logo
19.01.26
1436214362
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanda guşlaryň gyşky sanawy geçirilýär

Türkmenistanda 5-nji ýanwardan başlap suw-batgalyk ýerlerde ýaşaýan guşlaryň Halkara gyşky sanawlary geçirilýär. Bu çäre her ýyl 2-nji fewralda bellenilýän Bütindünýä suw-batgalyk ýerler güni mynasybetli geçirilýän çäreleriň biridir. Geçirilýän hasaba sanawlar ýubileý häsiýetine eýe bolup, olar Wetland International guramasynyň howandarlygynda eýýäm 60 ýyl bäri yzygiderli amala aşyrylýar.

Sanawlary, esasan, ekolog hünärmenler, tebigy goraghanalaryň işgärleri geçirýärler, şeýle-de bu ählumumy herekete goşulan meýletinçiler hem bar.

Mälim bolşy  ýaly  1967-nji ýyldan  bäri, dünýäniň 100-den gowrak ýurtlarynda  bir  wagtda ýagny ýanwar aýynyň 2-nji ongünlüginde suw we batga guşlarynyň gyşky sanawy geçirilýär. Ýurdumyzyň käbir sebitlerinde (Hazar hem-de Gaplaňgyr goraghanalarynda) sanawlary geçirmek işleri eýýäm tamamlandy, beýleki welaýatlarda bolsa olar heniz hem dowam edýär.

Bu gün ýurdumyzda köpýyllyk meýdan tejribesi bilen tanalýan biologiýa ylymlarynyň doktory ornitolog Eldar Rustamow,  ekolog Batyr Taganow tarapyndan, şeýle hem «Turkmenportal» neşiriniň žurnalisti Maral Hydyrowanyň gatnaşmagynda Köpetdag suw howdanynda we paýtagtymyzyň etegindäki «Altyn kölde» meýdan barlag işleri geçirildi.

Saparyň dowamynda iki suw howdanynyň kenarlary barlandy, olarda gyşlaýan guşlar hasaba alyndy.

Barlag işleri geçirilende ýokary optiki çözgütli dürbüler we fotoapparatlar ýaly ýokary derejeli optiki enjamlar ulanyldy.

Gözegçilikleriň dowamynda guşlaryň 17 görnüşiniň wekilleri anyklandy. Şol gün hasapçylara sakarbalaklar, suwa çümýän ördekler (gyzyl kelleli we gyzyl tumşukly), adaty ördekler, uly we kiçi jübtünler, uly we kiçi tersaýaklar, çal hokgarlar we uly ak gogurlar, ak guýrukly bürgütler, köl çarlaklary we beýleki guşlar duş geldi. Olary diňe uzakdan synlamak mümkin boldy, sebäbi golaýlaşmaga edilen islendik synanyşykda guşlar gorkup uçup, has howpsuz aralyga göçýärdiler.

Bu saparyň netijeleri ýurtda geçirilen guşlaryň gyşky sanawynyň jemleýji statistiki hasabatyna giriziler. Şol hasabat fewral aýynyň başynda Aşgabatda geçiriljek ylmy maslahatda tanyşdyrylar. Şu çäre bilen Türkmenistanda suw-batgalyk ýerleriň goralmagyna we olaryň akylly-başly peýdalanylmagyna bagyşlanan Ramsar konwensiýasynyň gol çekilen gününe gabat getirilip bellenilýän Bütindünýä suw-batgalyk ýerleriň güni belleniler.

Bu konwensiýa halkara ähmiýetli suw-batgalyk ýerleri, esasan hem suwda ýüzýän guşlaryň esasy ýaşaýyş ýerleri hökmünde goramagy maksat edinýär. Türkmenistan bu konwensiýa 2009-njy ýyldan bäri gatnaşýar.