Turkmenportal logo
19.01.26
3869038690
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
MB Shoes täze harytlar toplumy bilen tanyşdyrdy: krossowkalar we deriden edilen aksessuarlar

MB Shoes brendi bilen deri önümlerini öndürýän «Muhammet-Balkan» hojalyk jemgyýeti (MB) täze harytlaryň satuwa goýulandygyny mälim etdi. Önümleriň täze görnüşlerinde döwrebap krossowkalar, deri guşaklar, barsetkalar hem-de talyplar we ýaşlar üçin amatly bolan sumkalar bar.

MB Shoes brendi 2018-nji ýyldan bäri hereket edýär we el zähmetini häzirki zaman italýan önümçilik tehnologiýalary bilen üstünlikli utgaşdyryp gelýär. Häzirki wagtda kärhana günde 1000-e çenli önüm öndürýär hem-de 150 töweregi işgär üçin iş orunlary bilen üpjün edýär.

Kompaniýanyň önümçilik ugurlaryna aýakgaplar, sumkalar, guşaklar we deriden edilýän beýleki aksessuarlar girýär. Olaryň hemmesi diňe iri şahly mallaryň tebigy derisinden, kärhananyň öz önümçilik kuwwatlyklarynda taýýarlanylýar. Aýakgaplar taýýarlanylanda birleşdirilen usul ulanylýar: el işi mehaniki amallar bilen utgaşdyrylýar, şeýle hem ýelimleme, tikmek we tikinli gyrasyny berkitmek usullaryndan peýdalanylýar.

Tebigy deri, el zähmeti we özboluşly dizaýn MB Shoes brendiniň tanalýan nyşany bolup galýar. Kompaniýa önümleriň hiline we daşky görnüşine aýratyn ähmiýet berýär, müşderilere sargyt boýunça, şol sanda şahsy dizaýn esasynda aýakgap taýýarlamak mümkinçiligini hödürleýär. Ähli önümler hapalanmalara we reňkiniň solmagyna garşy durnuklylygyny ýokarlandyrýan ýörite işlenmeden geçirilýär.

Mundan başga-da, MB deri önümlerine ideg etmek üçin öz aýratyn serişdeler toplumyny işläp taýýarlady. Bu serişdeler önümleriň hyzmat ediş möhletini uzaltmaga hem-de olaryň ilkinji daşky görnüşini saklamaga mümkinçilik berýär.

MB Shoes ähli zerur hil şahadatnamalaryna eýe bolup, içerki hem-de halkara bazarlarynda işjeň işleýär. Geljegi uly ugurlaryň arasynda Ýewropa ýurtlarynyň bazarlaryna çykmak meýilnamalary hem bar. Önümleri kompaniýanyň «MB-shoes» firma dükanlaryndan satyn alyp bolýar, şeýle hem sosial ulgamlaryň üsti bilen sargyt edip ýa-da eltip bermek hyzmatyndan peýdalanmak mümkindir.

Salgysy: Aşgabat şäheri, G. Kulyýew köçesi, «MB Söwda Merkezi» binasy.

Habarlaşmak üçin telefonlar: +993 61 573323, +993 12 754775