Turkmenportal logo
19.01.26
3136131361
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Gözükdiriji: «Arkadag» — «Al-Nassr» duşuşygynyň biletini nädip onlaýn satyn almaly?

AFK Çempionlar ligasy-2 futbol ýaryşynyň 1/8 final tapgyrynda «Arkadag» we «Al-Nassr» toparlarynyň arasynda geçiriljek duşuşygyň biletleriniň satylyp başlanandygy sebäpli, «Turkmenportal» Aşgabat şäher häkimliginiň web saýty arkaly biletleri onlaýn satyn almagy düşündirýän gözükdirijini janköýerleriň dykgatyna ýetirýär.

Bilet satyn almak üçin, ilki bilen, www.ashgabat.gov.tm web saýtyndan ýa-da «Sanly şäher» mobil goşundysyny açyp, biletleri onlaýn satyn almak bölümini tapmaly. Ulgam Aziýa futbol konfederasiýasynyň oýunlaryna gatnaşmagyň düzgünleri bilen tanyşmagy teklip eder. Tanyş bolanyňyzdan soň, «Dowam etmek» düwmesine basmaly.

Indiki ädimde 0748 belgisine görkezilen sanlary ugratmaly we size jogap bolup sms-habary arkaly gelen sanlary indiki sahypada ýazmaly.

Tassyklama üstünlikli tamamlanandan soň, Aşgabadyň Olimpiýa stadionynyň interaktiw kartasy açylar. Onda satylan orunlar çal reňkde, boş orunlar ýaşyl reňkde we ulanyjy tarapyndan saýlanan orunlar bolsa gyzyl reňkde bellenilýär. Janköýerler özlerine orun belläp goýmak üçin islendik elýeterli bolan (ýaşyl) sektora basyp bilerler.

Orun saýlanandan soň, ulgam aşakdaky maglumatlary girizmegi sorar: telefon belgisi (öňki ädimde ýazanyňyz awtomatiki usulda doldurylýar), bilet almak üçin elektron poçta salgysy, biletleriň sany, satyn alyjynyň ady, familiýasy we atasynyň ady. Soňra resminamanyň görnüşini saýlamaly (pasport ýa-da dogluş hakynda şahadatnama) we onuň seriýasyny we nomerini girizmeli (meselem, I-AŞ 010203). Biletleriň bahalary stadionda saýlanan ornuň ýerleşýän ýerine baglylykda, 200 manatdan — 400 manada çenli üýtgeýändir.

Töleg sahypasynda çykýan sanawdan banky saýlap, matematiki hasaplamany çözmeli (meselem, 23 + 10 = 33) we «Ugratmak» düwmesine basmaly. Soňra ulgam goragly «Altyn Asyr e-commerce» elektron söwda sahypasyna gönükdirer. Bu ýerde bank kartynyň maglumatlaryny girizmeli: 16 belgiden ybarat bolan kart belgisi, ulanyş möhleti (aýy we ýyly), latyn harplary bilen kartyň eýesiniň ady we kartyň arka tarapyndaky üç belgili CVV/CVC2 kody. Tölegiň geçmegi üçin belli bir wagt berlip, ol yza sanaýan taýmer arkaly mälim edilýär. «Tölemek» düwmesine basyp, amal üstünlikli tamamlanandan soň, ekranda ýaşyl bellikli «Bilet ýüklendi!» diýen habarnama peýda bolar.

Elektron bilet awtomatiki usulda platformadaky şahsy otagda ýatda saklanar, girizilen elektron poçta salgysyna ugradylar we «Sanly şäher» mobil goşundysynda elýeterli bolar. Biletde stadiona girmäge mümkinçilik berýän, oýun barada maglumatlary, sektoryň, hataryň we ornuň belgisi, hasaba alyş belgisi, bahasy, tölegiň usuly we biletiň satyn alnan senesi ýaly maglumatlary özünde jemleýän QR-kod bolýar.

Stadiona girilende biletleriň QR-kody skanirlemek arkaly barlanýar we hökmany ýagdaýda şahsyýeti tassyklaýan resminamany görkezmek talap edilýär. Resminama bilet satyn alnanda görkezilen maglumatlara gabat gelmelidir. AFK-nyň halkara düzgünlerine we howpsuzlyk talaplaryna laýyklykda, stadionyň çägine ýaraglaryň, pirotehnika serişdeleriniň (ýanyjy we tüsse çykaryjy serişdeler), alkogol we neşe serişdeleriniň, uly göwrümli jisimleriň we torbalaryň, akkreditasiýasyz professional foto we wideo enjamlarynyň, saz gurallarynyň (baraban we ş.m.) hem-de beýleki howply zatlaryň getirilmegi gadagandyr.

Guramaçylar resmi däl satyjylardan satyn alnan biletleriň hakyky däldigini we kabul edilmeýändigini ýatladýar.