TikTok kompaniýasy mikroseriallary görmek üçin niýetlenen täze goşundyny — PineDrama goşundysyny hödürledi. Bu hyzmat ABŞ-da we Braziliýada ulanyjylara elýeterlidir — diýip, vc.ru saýty ýazýar.
Goşundy mugt ýaýradylýar we häzirki wagtda mahabaty öz içine almaýar. PineDrama goşundysynda seriallary görmek üçin aýratyn bölümler hem-de ulanyjylaryň gyzyklanmalaryna esaslanýan şahsy maslahatlar funksiýasy göz öňünde tutulypdyr.