«Literaturnyýe znakomstwa» halkara žurnalynyň 2025-nji ýyldaky 12-nji sanynda häzirki zaman türkmen şahyrlarynyň şygyrlary meşhur rus şahyry Andreý Nowikowyň terjime etmeginde çap edilipdir. Bu barada ussatnews.com saýty habar berýär.
Bu žurnalyň «Çäksiz medeniýet» atly rubrikasynda H. Çaryýew, Z. Gulow, A. Ataýew, Ç. Annaberdiýew, G. Meretmyradow, Ş. Salyhow we M. Bekgylyjow ýaly türkmen şahyrlarynyň eserleri ýerleşdirilipdir.
Russiýa Federasiýasynyň Ýazyjylar birleşiginiň sekretary, Lipesk oblastynyň Ýazyjylar birleşiginiň sebitleýin bölüminiň başlygy, «Petrowskiý most» edebi-çeper žurnalynyň redaksiýa geňeşiniň agzasy, şahyr we žurnalist Andreý Nowikow Türkmenistanyň ýazyjylary hem şahyrlary bilen ýakyn aragatnaşyk saklaýar.
2024-nji ýylyň 21-nji martynda Lipesk şäherinde Andreý Nowikow Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň goldamagy bilen, Russiýanyň Prezidentiniň ýanyndaky halk hojalygy we döwlet gullugy akademiýasy bilen bilelikde «Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň rus edebiýatyna ýetiren täsiri» atly halkara ylmy maslahatyň guramaçysy bolup çykyş edipdi — diýlip, çeşmede bellenilýär.