Türkmenistanyň «Altyn Asyr» klubynyň hüjümçisi Wahyt Orazsähedow Azerbaýjanyň «Turan-Towuz» klubunda baş tälimçi Gurban Berdiýewiň ýolbaşçylygynda synagdan geçýär. Bu barada azerisport.com saýty habar berýär.
33 ýaşly futbolçy häzirki wagtda toparyň Türkiýede geçirilýän okuw-türgenleşik ýygnanyşygyna gatnaşýar. Şertnama baglaşmak baradaky karar ýakyn günlerde kabul ediler.
Orazsähedow ozal Azerbaýjanyň «Sabail», Russiýanyň «Rostow», «Rubin» we «Neftehimik», Gazagystanyň «Turan», Täjigistanyň «Istiklol», Gyrgyzystanyň «Dordoý», Türkiýäniň «Osmanlyspor» hem-de Moldowanyň «Daçiýa» klublarynda çykyş edipdi. Türkmen klublaryndan bolsa «Köpetdag», «Aşgabat», «Ahal» we «Altyn Asyr» toparlarynyň düzüminde oýnady.
Azerbaýjanyň çempionatynyň 16 tapgyryndan soň «Turan-Towuz» 27 utuk bilen, bir oýny ätiýaçda saklap, dördünji orny eýeleýär. Çempionatda «Sabah» 37 utuk bilen öňdeligi eýeleýär, ikinji ýerde «Karabah» (36 utuk) barýar, üçünji orunda bolsa häzir «Zirýa» kluby (28 utuk) ýerleşýär.