Turkmenportal logo
17.01.26
4396343963
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Zyýat Hil Aşgabadyň ýaşaýjylaryny täze bişirilen önümler we gündogar süýjülikleri bilen begendirýär

Zyýat Hil konditer önümleriniň ulgamy ýokary hilli desertleri halaýanlar üçin meşhur ýerleriň biri hökmünde abraýyny has-da pugtalandyrmagyny dowam etdirýär. Müşderileriň arasynda aýratyn isleg bildirilýän önümleriň hatarynda dürli içlikli firma rogalikleri, şeýle-de däp boýunça taýýarlanylýan pisseli türk pahlawasy bar.

Zyýat Hil dükanynyň wekilleriniň bellemeklerine görä, süýjülikler taýýarlanylanda diňe saýlama önümler ulanylýar. Bu bolsa süýjülikleriň baý tagamyny we ýokary hilini saklamaga mümkinçilik berýär. Gündogar desertleri hem-de täze bişirilen önümler maşgaladaky çaý başynyň süýjüligi üçin hem, baýramçylyk saçagynyň bezegi üçin hem laýyk gelýär.

Konditer ulgamynda tortlara aýratyn üns berilýär. Kompaniýanyň bellemegine görä, Zyýat Hil kompaniýasynyň tortlary şatlyk we ylham bagyşlaýan aýratyn tagamdyr. Harytlar toplumynda nusgawy görnüşler bilen birlikde, islendik dabaraly çärä sargyt edip bolýan awtorlyk tortlary hem hödürlenýär.

Müşderiler üçin amatly bolar ýaly sargytlar her gün, şeýle-de dynç günleri hem sagat 8:00-dan 22:45-e çenli kabul edilýär. Şeýle hem 150 manatdan ýokary sargyt edilende Aşgabat şäheri we Gökdepe etrabynyň çäginde eltip bermek hyzmaty mugt amala aşyrylýar, bu bolsa süýjülikleri satyn almagy has-da amatly edýär.

Zyýat Hil dükanlar ulgamy däp bolan tagamy, döwrebap çemeleşmäni we ýokary hyzmat derejesini utgaşdyryp, harytlar toplumyny giňeltmegini dowam etdirýär.

Zyýat Hil kompaniýasynyň firma dükanlary şu salgylar boýunça işleýär:

Büzmeýin etraby, Abadan şaýoly, 254 — tel.: (+993 12) 35 37 13, (+993 62) 02 13 61;

Garadaşýak ýaşaýyş toplumy, Seýran söwda merkezi — tel.: (+993 12) 29 35 03, (+993 62) 02 13 62;

Gurtly-3 ýaşaýyş toplumy, 1-nji gat — tel.: (+993 12) 97 95 06, (+993 62) 02 13 63.

Täze önümler we ylham beriji süýji pikirler bilen tanyşmak üçin Zyýat Hil dükanynyň sosial ulgamlardaky resmi sahypalaryny yzarlaň.