Turkmenportal logo
17.01.26
3351233512
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanda ýükleri, ýolagçylary we goşlary awtomobil ulagynda daşamak işini amala aşyrýan ulaglaryň ýeke-täk sanawyny ýöretmegiň tertibi tassyklandy

2026-njy ýylyň 13-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Adalat ministrligi ýükleri, ýolagçylary we goşlary awtomobil ulagynda daşamak işini amala aşyrýanlaryň işini düzgünleşdirýän täze kadalaşdyryjy resminamany döwlet tarapyndan bellige aldy.

Türkmenistanyň awtomobil ulaglary ministri B. Annadurdyýew ýükleri, ýolagçylary we goşlary awtomobil ulagynda daşamak işini amala aşyrýan ulaglaryň ýeke-täk sanawyny ýöretmegiň tertibini tassyklamak baradaky buýruga gol çekdi. Bu resminama 2026-njy ýylyň 8-nji ýanwaryndan güýje girýär.

Täze tertibe laýyklykda, täjirçilik maksatly ýük daşamalar üçin ulanylýan ähli ulag serişdeleri ýeke-täk döwlet sanawynynda bellige alynmalydyr. Sanaw Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrligi tarapyndan elektron we kagyz görnüşlerinde ýörediler.

Daşama işleri bilen meşgullanmaga ygtyýarnama alan fiziki we ýuridiki şahslara degişli ulag serişdeleri, şeýle hem kanunçylyga laýyklykda ygtyýarnamasyz işlemäge hukugy bolan ýuridiki şahslaryň ulag serişdeleri bellige alynmaga degişlidir.

Sanawda bellige alynýan ulag serişdeleri dört topara bölünýär:

ýolagçy awtoulag serişdeleri – awtobuslar, mikroawtobuslar, ýeňil awtomobiller (şol sanda ýeňil taksiler), ýolagçy awtoulag tirkegleri we ýarym tirkegler;

ýük awtoulag serişdeleri – ýük awtomobilleri, tirkeg çekiji awtomobiller, ýük awtoulag tirkegleri we ýarym tirkegler;

ýörite awtoulag serişdeleri – esasan ulaga degişli bolmadyk dürli ýörite işleri ýerine ýetirmek üçin niýetlenilen awtomobiller, tirkegler we ýarym tirkegler;

аwtoulag serişdeleriniň başga görnüşleri.

Ulag serişdesini sanawda bellige almak üçin daşaýjylar Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrligine ýazmaça arza we degişli resminamalaryň toplumyny tabşyrmalydyrlar. Ministrlik resminamalary 20 senenama gününiň dowamynda gözden geçirýär.

Fiziki şahslar ygtyýarnamanyň, pasportyň, ulag serişdesiniň bellige alnandygy baradaky şahadatnamanyň, tehniki gözden geçirişde berilýän guratlyk hatynyň hem-de sürüjilik şahadatnamasynyň nusgalaryny hödürleýärler. Hususy telekeçiler üçin döwlet tarapyndan bellige alnandygy barada resminama hem talap edilýär.

Ýuridiki şahslar goşmaça hökmünde bitewi döwlet sanawyndan göçürmäni, wekiliniň ygtyýarlyklaryny tassyklaýan resminamalary we kärhananyň ähli ulag serişdeleriniň sanawyny hödürleýärler.

Ýolagçy daşaýan ulaglar üçin sürüjileriň suratlary, şeýle hem psihonewrologiki we narkologiýa edaralaryndan (dispanser bölümlerinden, otaglaryndan) alnan kepilnamalaryny bermelidirler.

Bellige alyş üstünlikli tamamlanandan soň, ulag serişdesiniň eýesine ýeke-täk sanawda bellige alnandygy baradaky Şahadatnama berilýär. Resminama ministrligiň ýolbaşçysynyň goly we möhri bilen tassyklanylýar hem-de suw belgili, ultrafiolet, tangir goragy we tapgyry hem-de gorag bellik sanlary bolan resminama hasaplanýar.

Ygtyýarnamaly daşaýjylar üçin şahadatnama ygtyýarnamanyň hereket edýän möhletine, beýlekiler üçin bolsa azyndan üç ýyl möhlete berilýär.

Ýeke-täk sanawda bellige alnandygy baradaky şahadatnamasyz täjirçilik daşama işini amala aşyrmak Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilige eltýär.

Sürüjiler şahadatnamany Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň we beýleki gözegçilik edaralarynyň wekilleriniň talaby boýunça hödürlemäge borçludyrlar.

Ulag serişdesi eýesiniň arzasy boýunça, daşama işiniň bes edilmegi, ulagyň satylmagy, ygtyýarnamanyň möhletiniň gutarmagy, kazyýetiň karary ýa-da kanunçylykda göz öňünde tutulan beýleki esaslar boýunça sanawdan çykarylyp bilner.

Täze tertip ýurtda ýük we ýolagçy daşamalary ulgamyny tertipleşdirmäge, ýol hereketine gatnaşyjylaryň howpsuzlygyny üpjün etmäge hem-de täjirçilik daşamalaryny amala aşyrýan ulag serişdeleriniň ýeke-täk maglumat ulgamyny döretmäge gönükdirilendir.