Turkmenportal logo
17.01.26
3103631036
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabat – Türkmenbaşy demir ýoluny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak meýilleşdirilýär

Aşgabat – Türkmenbaşy demir ýoluny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak meýilleşdirilýär. Bu barada 16-njy ýanwarda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Çakyýewiň hasabatynda bellenildi diýip, TDH ýazýar.

Aşgabat – Türkmenbaşy demir ýoly Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşi üçin strategiki häsiýete eýe bolup, ýurduň dürli künjeklerini Türkmenbaşy Halkara deňiz porty bilen baglanyşdyrýar hem-de milli demir ýollary Lapis Lazuli, Traseka we Demirgazyk-Günorta, Gündogar-Günbatar halkara ulag geçelgelerine utgaşdyrmakda esasy halka bolup hyzmat edýär. Şu nukdaýnazardan, Aşgabat – Türkmenbaşy demir ýoluny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak möhüm wezipeleriň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, Aşgabat – Türkmenbaşy demir ýolunyň ýurduň durmuş ykdysady ösüşi üçin strategik häsiýetini belläp, ony döwrebaplaşdyrmak boýunça taýýarlanylan teklibi makullady hem-de wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.