Turkmenportal logo
17.01.26
2724327243
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Bäş döwletiň telekeçileri Türkmenistanyň biržasynda geleşikleri baglaşdylar

16-njy ýanwarda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda içerki we daşarky bazarlarda söwdalaşyklar geçirildi.

Daşarky bazarda Owganystandan, Özbegistandan, Ukrainadan we Türkiýeden gelen telekeçiler Türkmenistanyň «Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen «B» kysymly karbamidi satyn almak boýunça geleşikleri baglaşdylar. Şeýle hem Birleşen Arap Emirliklerinden gelen işewürler ýerli telekeçiler bilen 100% göterim pagtadan öndürilen kreton matasyny satyn almak barada ylalaşdylar.

Içerki bazarda türkmen telekeçileri Türkmenistanyň «Türkmennebit» döwlet konserni bilen «TPP D 30 S» kysymly polipropileni satyn almak barada geleşiklere gol çekdiler.

Söwdalaşyklaryň netijeleri boýunça jemi 11 geleşik baglaşyldy. Geleşikleriň umumy bahasy 1 000 000,00 manat we 7 181 300,00 ABŞ-nyň dollary boldy.