Turkmenportal logo
16.01.26
2627526275
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanda BMG-niň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin ýörite maksatnamasynyň hepdeligi geçirler

Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onuň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow BMG-niň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin ýörite maksatnamasynyň hepdeligini geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, hepdeligiň çäklerinde ykdysady forumy, degişli iş toparlarynyň mejlislerini we beýleki çäreleri geçirmeklik göz öňünde tutulýar. Olaryň dowamynda sebitde ykdysady, energiýa serişdeleri we daşky gurşawyň ugurlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek, energetika we ulag özara baglanyşygynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, BMG-niň standartlaryny ulanmak bilen sanly söwda ykdysady geçelgelerini has-da kämilleşdirmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşylar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, BMG we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen hyzmatdaşlygynyň Türkmenistanyň alyp barýan syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany BMG-niň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin ýörite maksatnamasynyň hepdeligini geçirmäge gowy taýýarlyk görmegi we ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.