Turkmenportal logo
Düýn 20:23
60286028
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan bilen Russiýa bilelikdäki uniwersiteti döretmek hakyndaky ylalaşygyň taslamasyny tamamlaýjy tapgyrda alyp barýar
Türkmenistan bilen Russiýa bilelikdäki uniwersiteti döretmek hakyndaky ylalaşygyň taslamasyny tamamlaýjy tapgyrda alyp barýar

Aşgabatda türkmen-rus uniwersitetini döretmek baradaky hökümetara ylalaşygyň taslamasyny taýýarlamak işleri tamamlaýjy tapgyrda barýar. Bu barada RF-niň Türkmenistandaky ilçisi Iwan Wolynkin habar berdi.

«Aşgabatda türkmen-rus uniwersitetini döretmek we onuň iş şertleri baradaky hökümetara ylalaşygyň taslamasyny işläp düzmek tamamlaýjy tapgyrda barýar» diýip, diplomat belledi.

Wolynkin häzirki wagtda Türkmenistandan bolan 54 müňden gowrak talybyň Russiýanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýandygyny aýtdy. «2025-nji ýylda Russiýa Federasiýasynyň hökümetiniň türkmenistanly dalaşgärler üçin federal býujetiň hasabyna okamak üçin beren kwotasy 500 orun boldy» diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Ilçi, şeýle hem, 2002-nji ýyldan bäri hereket edýän A.S.Puşkin adyndaky umumy orta bilim berýän orta mekdebiniň başlangyç synplary üçin täze binany gurmak taslamasynyň hem gün tertibinde durandygyny mälim etdi.

Wolynkiniň sözlerine görä, 2025-nji ýyl medeniýet ulgamyndaky işjeň rus-türkmen hyzmatdaşlygy bilen tapawutlandy. «190-dan gowrak ynsanperwer çäre guraldy we olara 16 müňe golaý adam gatnaşdy» diýip, diplomat aýtdy.

Ol Russiýanyň ilçihanasynyň «Diplomatik notalar» (Дипломатические нотки) atly sazçylyk taslamasynyň Aşgabadyň tomaşaçylarynda uly gyzyklandyrma döredendigini, bu taslamanyň çäklerinde rus nusgawylarynyň eserlerinden ybarat birnäçe konsertiň geçirilendigini nygtady.